Вход на сайт

Просмотр новости

Найдите то, что Вас интересует

‘Hitrowkada’ polisiýanyň işjeňligi artdy, wagtlaýyn ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylary öýlerine iberilýär

Дата публикации: 11-08-2026 10:37:38

Şu günler Aşgabadyň ilat arasynda “Hitrowka” diýlip atlandyrylýan ýaşaýyş toplumynda polisiýanyň işjeňligi artyp, giň gerimli barlag geçirilýarl. Polisiýa işgärleri öýme-öý aýlanyp, köçelerdäki pyýadalary saklap, ýaşaýjylaryň resminamalaryny barlaýarlar. Barlaglarda esasan paýtagtda wagtlaýyn ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylary nyşana alynýar.
Häkimiýetler bu çäreleriň sebäbi barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýän mahaly, polisiýadaky çeşmelerimiz munuň ýakynda bir gyzyň agyr pyçaklanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.
“Häzir polisiýa işgärleri Hitrowkada aýratyn şertde iş alyp barýarlar. Olar öýlere aýlanyp, geçip barýan pyýadalar saklap, resminamasyny barlaýarlar. Resminamasy ýanynda bolmadyklar saklanyp, Berkararlyk etrap polisiýa bölümine alnyp barylýar we soraga çekilýär. Käbir şübheli raýatlaryň garşysyna bikanun güýç ulanylýandygy hem aýdylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, saklanan raýatlar resminamasy getirilýänçä, demir gözeneklerde saklanýar. Eger bu raýatlar paýtagtda ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylary bolsa, onda olardan nirede işleýändigi, näçe wagt bäri işleýändigi ýaly soraglar soralýar.
“Otla mejbury mündürilip, gelen welaýatlaryna iberilýär”Bellesek, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Aşgabat sebit ýaşaýjylarynyň müňlerçesine gazanç etmek mümkinçiligini döredýär. Bu ýaşaýyş toplumynda welaýatlardan gelen içerki migrantlaryň müňlerçesi ýaşaýar.
Habarçymyz olaryň ýaşamak üçin bu ýeri saýlap almagynyň sebäbini jaý kireýleriniň, paýtagtyň beýleki sebitleri bilen deňeşdirilende, arzan bolmagy bilen düşündirýär. Paýtagtyň merkezinde jaý kireýleri 2-3 müň manat aralygynda bolsa, bu sebitde 600-800 manat aralygynda bahalanýar.
“Saklanan ýaşaýjylaryň garyndaşlary resminamalaryny getirip görkezse, olara 50 manat möçberinde jerime salynýar we täjirçilik bankyna jerimäni töläp, kwitansiýany görkezenden soň, saklanan raýat goýberilýär. Käbir ýaş ýigitler bolsa, otla mejbury mündürilip, gelen welaýatlaryna iberilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäpleri barada raýatlara aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Berkararlyk etrap polisiýasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Aşgabadyň polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmelerimiz bu çäreleriň ýakynda bir gyzyň agyr pyçaklanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
“Näbelli adam ýa-da adamlar tarapyndan...”“Hitrowka ýaşaýyş toplumynda, Daşoguz welaýatyndan gelip, restoranda hyzmatçy bolup gazanç edýän gyz näbelli adam ýa-da adamlar tarapyndan pyçaklanyp, agyr ýaralandy. Bäş gün çemesi bolan bu wakadan soň, agyr ýagdaýdaky gyz häzir hem Niýazow adyndaky hassahananyň reanimasiýa bölüminde saklanýar we lukmanlar ony halas etmäge synanyşýarlar. Pyçaklanan gyz häzire çenli özüne gelmedi” diýip, polisiýadaky çeşmelerimiz aýtdy.
Çeşmelerimiz bu waka barada has jikme-jik maglumatyň berilmeýändigini hem sözüne goşdular.
Azatlyk bu aýdylanlar barada degişli resmilerden, şol sanda Niýazow adyndaky hassahanadan resmi teswir alyp bilmedi.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we döwlet metbugaty, şeýle-de hökümetçi neşirler ýurtda bolýan jenaýat hadysalary barada aç-açan gürrüň gozgap, habar bermeýärler.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz neşirler ýurtda bolýan jenaýat, şol sanda pyçakly hüjümler, ogurlyk wakalary barada wagtal-wagtal habar berýärler.
Galyberse-de, soňky onýyllygyň dowamynda Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlara garşy göreşini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Häkimiýetler üç günden artyk Aşgabatda galýan welaýat ýaşaýjylaryndan wagtlaýyn ýazgyda durmagy talap edýär. Ýöne habarçylarymyz paýtagtda wagtlaýyn ýazgyda durmak meselesiniň örän çylşyrymlydygy sebäpli, köp raýatyň muny amal etmek mümkinçiliginiň örän çäklidigini aýdyp gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Основное содержимое страницы с новостью.

Şu günler Aşgabadyň ilat arasynda “Hitrowka” diýlip atlandyrylýan ýaşaýyş toplumynda polisiýanyň işjeňligi artyp, giň gerimli barlag geçirilýarl. Polisiýa işgärleri öýme-öý aýlanyp, köçelerdäki pyýadalary saklap, ýaşaýjylaryň resminamalaryny barlaýarlar. Barlaglarda esasan paýtagtda wagtlaýyn ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylary nyşana alynýar.

Häkimiýetler bu çäreleriň sebäbi barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýän mahaly, polisiýadaky çeşmelerimiz munuň ýakynda bir gyzyň agyr pyçaklanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.

“Häzir polisiýa işgärleri Hitrowkada aýratyn şertde iş alyp barýarlar. Olar öýlere aýlanyp, geçip barýan pyýadalar saklap, resminamasyny barlaýarlar. Resminamasy ýanynda bolmadyklar saklanyp, Berkararlyk etrap polisiýa bölümine alnyp barylýar we soraga çekilýär. Käbir şübheli raýatlaryň garşysyna bikanun güýç ulanylýandygy hem aýdylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, saklanan raýatlar resminamasy getirilýänçä, demir gözeneklerde saklanýar. Eger bu raýatlar paýtagtda ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylary bolsa, onda olardan nirede işleýändigi, näçe wagt bäri işleýändigi ýaly soraglar soralýar.

“Otla mejbury mündürilip, gelen welaýatlaryna iberilýär”

Bellesek, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Aşgabat sebit ýaşaýjylarynyň müňlerçesine gazanç etmek mümkinçiligini döredýär. Bu ýaşaýyş toplumynda welaýatlardan gelen içerki migrantlaryň müňlerçesi ýaşaýar.

Habarçymyz olaryň ýaşamak üçin bu ýeri saýlap almagynyň sebäbini jaý kireýleriniň, paýtagtyň beýleki sebitleri bilen deňeşdirilende, arzan bolmagy bilen düşündirýär. Paýtagtyň merkezinde jaý kireýleri 2-3 müň manat aralygynda bolsa, bu sebitde 600-800 manat aralygynda bahalanýar.

“Saklanan ýaşaýjylaryň garyndaşlary resminamalaryny getirip görkezse, olara 50 manat möçberinde jerime salynýar we täjirçilik bankyna jerimäni töläp, kwitansiýany görkezenden soň, saklanan raýat goýberilýär. Käbir ýaş ýigitler bolsa, otla mejbury mündürilip, gelen welaýatlaryna iberilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäpleri barada raýatlara aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Berkararlyk etrap polisiýasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Aşgabadyň polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmelerimiz bu çäreleriň ýakynda bir gyzyň agyr pyçaklanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Näbelli adam ýa-da adamlar tarapyndan...”

“Hitrowka ýaşaýyş toplumynda, Daşoguz welaýatyndan gelip, restoranda hyzmatçy bolup gazanç edýän gyz näbelli adam ýa-da adamlar tarapyndan pyçaklanyp, agyr ýaralandy. Bäş gün çemesi bolan bu wakadan soň, agyr ýagdaýdaky gyz häzir hem Niýazow adyndaky hassahananyň reanimasiýa bölüminde saklanýar we lukmanlar ony halas etmäge synanyşýarlar. Pyçaklanan gyz häzire çenli özüne gelmedi” diýip, polisiýadaky çeşmelerimiz aýtdy.

Çeşmelerimiz bu waka barada has jikme-jik maglumatyň berilmeýändigini hem sözüne goşdular.

Azatlyk bu aýdylanlar barada degişli resmilerden, şol sanda Niýazow adyndaky hassahanadan resmi teswir alyp bilmedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we döwlet metbugaty, şeýle-de hökümetçi neşirler ýurtda bolýan jenaýat hadysalary barada aç-açan gürrüň gozgap, habar bermeýärler.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz neşirler ýurtda bolýan jenaýat, şol sanda pyçakly hüjümler, ogurlyk wakalary barada wagtal-wagtal habar berýärler.

Galyberse-de, soňky onýyllygyň dowamynda Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlara garşy göreşini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Häkimiýetler üç günden artyk Aşgabatda galýan welaýat ýaşaýjylaryndan wagtlaýyn ýazgyda durmagy talap edýär. Ýöne habarçylarymyz paýtagtda wagtlaýyn ýazgyda durmak meselesiniň örän çylşyrymlydygy sebäpli, köp raýatyň muny amal etmek mümkinçiliginiň örän çäklidigini aýdyp gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Схожие новости

#Наименование новостиТональностьИнформативностьДата публикации
1Türkmenabadyň taryhy binasynda ýangyn döredi, MHM waka barada maglumat ýaýradan ýaşaýjylary soraga çekýär07.5410-08-2026
2Aşgabatda turan güýçli ýeliň netijesinde bir adam öldi, jaýlara, agaçlara, ulaglara zyýan ýetdi08.6104-08-2026
3Türkmenistanda etiň gymmatlamagy nägileligi güýçlendirýär, Lebapda ýaşaýjylar etrap häkimliklerine üýşýär07.2303-08-2026
4Dokma işgärleriniň aýlyklary gijikdirilýär, ‘daşary ýurtlardan yzyna gelen’ önümler ýerli bazarlara çykarylýar05.7806-08-2026
5Balkanda sadaka baran onlarça adam palaw üstünde ýakalaşdy09.907-08-2026
6Mejlisde ýene hökümeti 'abraýdan gaçyrýan' teklipler edilermi?08.6207-08-2026
7Esgerler gowaça otagyna çekilýär, yssy howada kanal suwuny içen ýigitler keselleýär08.105-08-2026
8Türkmenabadyň saglyk öýünde geçirilýän barlagyň 'çykdajylary' işgärleriň üstüne ýüklenýär0810-08-2026
9Ondan gowrak türkmen raýaty öz watandaşynyň 'aldawyndan' şikaýat edip türk häkimiýetlerine ýüz tutdy06.2406-08-2026
10Gökderede dynç alýan çagalar 'aç bolýar, bitden basylýar' - ene-atalar07.5210-08-2026

Классификация: . Схожих патентов: 0. Схожих новостей: 10. Тональность: 0. Информативность: 7.23. Источник: www.azathabar.com.