Вход на сайт

Просмотр новости

Найдите то, что Вас интересует

"Ol örän agyr ýagdaýda". Demirgazyk Kiprde türkmenistanlydygy aýdylýan bir adam gyrgyz gyzyna hüjüm etdi

Дата публикации: 07-08-2026 12:05:49

Demirgazyk Kiprde 23 ýaşly gyrgyzystanly gyza hüjüm edildi we ol häzirki wagtda reanimasiýada saklanýar. Ýerli metbugat polisiýa salgylanyp, Türkmenistanyň raýatydygy aýdylýan adamyň gyrgyz gyzyna pyçak bilen hüjüm edendigini habar berýär. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi onuň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy. Gyzyň garyndaşlary waka barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler.
3-nji awgustda Demirgazyk Kipriň Nikosiýa şäherinde gyrgyz raýatyna hüjüm edilip, agyr ýaralar bilen hassahana ýerleşdirilendigi habar berildi.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi wakanyň söwda merkezinde bolandygyny we näbelli raýatyň oňa pyçak bilen hüjüm edendigini tassyklady.
Gyrgyzystanyň Ankaradaky konsuly Çingiz Abdurahmanow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren maglumatynda resmileriň gyzyň garyndaşlary bilen habarlaşýandygyny aýtdy.
"Raýatymyzyň ýagdaýynyň örän agyrdygy aýdylýar. Ol Lefkoşadaky (Nikosiýa) hassahananyň reanimasiýa bölüminde saklanýar. Onuň doganynyň şu gije ýa-da ertir gelmegine garaşylýar. Ol iki ýa-da üç aý mundan ozal iş gözläp gelipdir. Häzir onuň nirede işleýändigini anyklamaga synanyşýarys" diýip, Abdurahmanow aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy ejir çeken gyzyň Gyrgyzystandaky garyndaşlary bilen habarlaşanda, olar bu barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler.
Demirgazyk Kiprdäki metbugat neşirleriniň habarlaryna görä, waka irden 11:45 töwereginde "Metropol" söwda merkezinde bolupdyr. Olaryň aýtmagyna görä, 23 ýaşly gyrgyz raýaty birnäçe gezek pyçaklanypdyr.
Güman edilýän hüjümçi 31 ýaşly M.B.K. atly raýat tussag edildi. Ýerli metbugat polisiýa salgylanyp, hüjüm etmekde güman edilýäniň hüjümden soň öz-özüni pyçaklandygyny habar berdi. Şeýle hem, ol alan ýaralary sebäpli hassahana ýerleşdirildi.
"Kipr türk polisiýasynyň beýanatyna görä, Türkmenistandandygy aýdylýan bir erkek adam gyza pyçak bilen hüjüm edipdir. Ýagdaý bilen bagly derňew dowam edýär" diýip, "en.politis.com.cy" neşiri 3-nji awgustda çap eden maglumatynda belleýär.
Nikosiýadaky doktor Burhan Nalbantoglu adyndaky döwlet hassahanasynyň baş lukmany Hasan Birtan "Kipr Türk gullugyna" beren maglumatynda ejir çeken J.A-nyň saglyk ýagdaýynyň möhümdigini aýtdy. Ol gyzyň birnäçe organyna zeper ýetendigini we köp gan ýitirendigini hem belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen waka barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 7-nji awgustda ilçihananyň web sahypasynda görkezilen telefon belgisine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Demirgazyk Kipr Kipr adasynyň demirgazyk kenarynda ýerleşýär. Onuň paýtagty Nikosiýa şäheridir. Jedelli sebitiň garaşsyzlygyny diňe Türkiýe döwleti ykrar edýär.
Bu sebitde okaýan we işleýän gyrgyzlaryň sany 1500-2000 diýlip çaklanylýar. Bu sebitde okaýan we işleýän türkmenistanlylaryň sany barada takyk maglumatlar ýok. Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar olaryň sanynyň müňlerçedigini çaklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Основное содержимое страницы с новостью.

Схожие новости

#Наименование новостиТональностьИнформативностьДата публикации
1Türkmenabadyň taryhy binasynda ýangyn döredi, MHM waka barada maglumat ýaýradan ýaşaýjylary soraga çekýär07.5410-08-2026
2Aşgabatda turan güýçli ýeliň netijesinde bir adam öldi, jaýlara, agaçlara, ulaglara zyýan ýetdi08.6104-08-2026
3Ondan gowrak türkmen raýaty öz watandaşynyň 'aldawyndan' şikaýat edip türk häkimiýetlerine ýüz tutdy06.2406-08-2026
4Arkadag Mara sapar etdi, sebitde internet kesildi, ilata tamdyrda ot ýakmak gadagan edildi 06.411-08-2026
5Balkanda sadaka baran onlarça adam palaw üstünde ýakalaşdy09.907-08-2026
6‘Hitrowkada’ polisiýanyň işjeňligi artdy, wagtlaýyn ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylary öýlerine iberilýär07.2311-08-2026
7Taryhy binada bolan ýangyn mirasa goýulýan sarpany 'ýalana çykardy' 010.3811-08-2026
8'Ol islendik pursatda ölüp biler'. Türkmenistanly zenan migrantlar: Hem daşary ýurtda, hem-de öz ýurdunda goragsyz08.3606-08-2026
9Dokma işgärleriniň aýlyklary gijikdirilýär, ‘daşary ýurtlardan yzyna gelen’ önümler ýerli bazarlara çykarylýar05.7806-08-2026
10Gökderede dynç alýan çagalar 'aç bolýar, bitden basylýar' - ene-atalar07.5210-08-2026

Классификация: Происшествия. Схожих патентов: 0. Схожих новостей: 10. Тональность: 0. Информативность: 6.54. Источник: www.azathabar.com.